JEMGYÝET

Türkmenabatly telekeçiniň halylaryna hyrydar kän

Gadymy köklerden gözbaş alýan türkmen halyçylyk sungaty häzirki döwürde täze öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi halyçy Gülälek Umarowa hem bu ugurda üstünlikli zähmet çekýän zenanlaryň biridir. Halaç etrabynda dünýä inen Gülälek halyçylyk sungatynyň inçeliklerini çagalykdan ejesi Ogulsadapdan öwrenip, bu kesbi özüne hemra edinýär. 2020-nji ýylda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýüpek we ýüň halylaryň önümçiligine girişen telekeçi zenan häzirki wagtda birnäçe halyçy gelin-gyzlar bilen bilelikde dürli ölçegli nepis el halylaryny öndürýär.
Gülälek Umarowanyň ýolbaşçylygyndaky önümhanada nusgawy we döwrebap görnüşli haly hem-de haly önümleri taýýarlanylýar. Müşderileriň isleglerine laýyklykda dürli reňkli we ölçegli halylaryň sargytlary kabul edilýär, aýratyn-da inçe dokalan ýüpek halylara ýokary isleg bildirilýär. Şeýle hem dürli görnüşli ýantorbalar we kiçi göwrümli haly önümleri öndürilýär. Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Medine el halylary» dükanynda bu önümleriň söwdasy üstünlikli alnyp barylýar we olaryň arasynda daşary ýurtly müşderiler hem bar. Häzirki wagtda welaýatdaky halyçy gelin-gyzlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli täze görnüşli sowgatlyk haly önümlerini taýýarlamak işlerine girişdiler.