YKDYSADYÝET

Türkmenabatly telekeçi 659 müň jübüt jorap öndürdi

Türkmenabatly telekeçi Atamyrat Jumakulyýew hem içerki bazarda öň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň artmagyna öz goşandyny goşýar.

Ol jorap önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Telekeçiniň öndürýän joraplarynyň dürli görnüşlerine bolan isleg barha artýar.

Şu ýylyň başyndan bäri ol 659 müň jübüt jorap öndürdi. Pul hasabynda öndürilen önümleriň bahasy 1 million 765 müň 413 manatlyga barabar boldy.