BILIM

Türkmenabatly talyplar nazary mehanika boýunça halkara olimpiada gatnaşdylar

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça IV
Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bäş günläp dowam eden bäsleşige ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat toparlar bilen bilelikde Türkiýäniň,
Hindistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýanyň, Indoneziýanyň, Täjigistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Saud Arabystanynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Eýranyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 681-si gatnaşdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna zehinli talyplaryň 10-sy wekilçilik etdi. Olar TDMI ― 1 we TDMI ―
2 toparlarynyň düzüminde çykyş etdiler. Şeýlelikde, TDMI ― 1 topary bäsleşigiň iň güýçli 50
toparynyň arasynda üçünji orny eýelemegi başardy. Has takygy, eminler 25 we şondan köp
utuk gazanan 9 topary birinji, 20 ― 25 aralygynda utuk toplap bilen 17 topary ikinji, utugy 15
we şondan ýokary bolan 24 topary üçünji orna mynasyp gördüler. TDMI ― 1 topary bäsleşigi
15 utuk bilen jemledi.
Ýeri gelende, bäsleşigiň toparlaýyn bölegine gatnaşan toparlaryň 80-siniň arasynda
Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebine wekilçilik eden ikinji toparyň hem
10 utuk bilen öňdäki 60-lyga girendigini aýtmak gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: