BILIM

Türkmenabatly talyplar Gahryman Arkadagymyzyň kitaby boýunça geçirilen olimpiadada 33 medal gazandylar

Lebaply talyplaryň uly topary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri boldular. Bu barada uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Bäsleşik sanly ulgam arkaly iňlis dilinde geçirildi. Ol talyplaryň arasynda ylmy pikir alyşmalaryň hem özboluşly meýdançasyna öwrüldi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplaryň 200-den gowragy gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet muagllymçylyk institutynyň talyplary altyn medallaryň 5-sine, kümüş medallaryň 12-sine, bürünç medallaryň bolsa 16-syna mynasyp boldular.