BILIM

Türkmenabatly talyplar ders bäsleşikleriniň ýeňijileri boldular

Lebap welaýatyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp boldular.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi boýunça geçirilen bäsleşikde toparlaýyn hasapda ikinji orna mynasyp boldy. Gazanylan üstünlikde mekdebiň talyplary Aýsoltan Baýramowanyň, Şabibi Hümmetöwezowanyň, Açylgül Atamuradowanyň mynasyp paýlary bar. Bu ders boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenabadyň Agrosenagat hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem öňdäki orunlary eýelediler.

Türkmenistanyň kanunçylygy dersi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary öňdäki orunlaryň ikisine mynasyp boldular.

Geljekki derýaçylar Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça geçirilen bäsleşikde hem ikinji orunlaryň ikisini eýelediler. Şeýle hem bu ders boýunça bäsleşikde şäherdäki tehniki we Agrosenagat orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary ýeňijileriň hataryna goşuldylar.

Welaýat merkezindäki lukmançylyk orta, derýaçylyk, tehniki orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary häzirkizaman kompýuter tehnologiýasy dersi boýunça geçirilen bäsleşikde öňdäki orunlary eýelän bolsalar, geljekki agrosenagatçylar we himiýaçylar ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersi boýunça geçirilen bäsleşikde toparlaýyn hasapda hem ýeňiji boldular.

Olar sanly ykdysadyýet, iňlis dili, rus dili, matematika dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde hem öňdäki orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: