BILIM

Türkmenabatly talyp «Owadan ýazuw» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gülşirin Soltanowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginde üçünji
orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.