Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Meňlihal Açilowanyň şägirtleriniň birnäçesi Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň hatarynda çykyş edýär. Gandbol boýunça 35 ýyldan gowrak wagt bäri welaýatymyzyň gyzlar ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän tälimçi häzirki wagtda üç topar bilen iş alyp baryp, 50-ä golaý ýaş türgeni taýýarlaýar. Onuň şägirtleri döwlet çempionatlarynda we Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda yzygiderli baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.
Lebaply gandbolçy gyzlar Mary welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde ikinji orna mynasyp bolup, toparyň birnäçe agzasy ökde oýunçy hökmünde yglan edildi. Şeýle-de olar milli ýygyndynyň hatarynda Pakistanda we Taýland Patyşalygynda geçirilen halkara ýaryşlarda çykyş edip, kümüş medallary gazandylar. Toparyň üstünliklerinde Sewinç Röwşenowa, Selbi Meredowa, Jemal Tekäýewa, Arzuw Atahanowa, Şahnoza Azizowa we Zarina Öwezowanyň goşantlary aýratyn bellenilýär.
Türkmenabatly tälimçiniň şägirtleri milli ýygyndymyzda çykyş edýär
04
Apr

