BILIM

Türkmenabatly okuwçylara ekologiýa howpsuzlygy barada düşünje berildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdepde hukuk goraýjy işgärleriň gatnaşmaklarynda «Ekologiýa howpsuzlygy — dünýäniň rahatlygy» diýen mowzukda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada täsirli gürrüň gozgaldy. Bu meseleleriň oňyn çözgütleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynda her kimiň jogapkärçiliginiň ýokarydygy nygtaldy. Bu çäre ýaşlaryň ekologiýa we onuň hukuk esaslary baradaky düşünjelerini baýlaşdyrdy.