MEDENIÝET

Türkmenabatly okuwçylar halkara diplomlara eýe boldular

Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary halkara sungat bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Aziza Bäşimowa Moskwa şäherinde geçirilen «Dünýäniň çagalary: Döwür dostlaşdyrýar» atly bäsleşige gatnaşyp, baş baýraga mynasyp boldy. Şeýle hem onuň taýýarlyk toparyndaky okuwçylar — Nurana Jumaýewa, Gülüstan Rejepowa we Dünýägözel Şadyýewa — Baku şäherinde geçirilen «Dostlugyň şäheri» atly Çagalaryň VII halkara sungat bäsleşiginde baýrakly orunlara eýe boldular. Bäsleşiklere hödürlenen surat eserlerinde ýaş suratkeşler parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik düşünjelerine aýratyn üns beripdirler.
Bu üstünlikleriň hormatyna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaş suratkeşlere kuboklaryň, diplomlaryň we sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Çärede halypa suratkeşler we sungat işgärleri çykyş edip, bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylary gutladylar. Şeýle hem ýaşlaryň taýýarlygynda we sungata bolan höwesini artdyrmakda edýän goşandy üçin mugallym Ýelena Işankulyýewa Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.