Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nabat Janmyradowa halypasy Selbi Garryýewanyň ýolbaşçylygynda alyp baran ylmy gözlegleri bilen bäsleşikde üçünji orny eýeledi.
— Nabat ylmy-döredijilik işleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Adam ömrüniň dowamlylygy hakynda edebiýatda ýazylýan şygyrlary bir galyba salmagy maksat edinen we muny başaran Nabat edebiýat teoriýasyna «Ömürnama» diýen adalgany girizmegi teklip edýär. Ynsan ömrüniň döwürleri baradaky şygyrlaryň bir ýere toplanyp, döwürlere bölünip, dolulygyna seljerme berlip, onuň hem ilkinji gezek «Ömürnamaçylyk däbi» diýip atlandyrylmagy bu ylmy işiň türkmenedebiýatyna getiren ilkinji ylmy täzeligidir — diýip, ýaş alymyň ylmy ýolbaşçysy gürrüň berýär.
Türkmenabatly okuwçy ylmy bäsleşikde üçünji orny eýeledi

20
Jun