JEMGYÝET

Türkmenabatly okuwçy müňlerçe deň-duşundan öňe saýlandy

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Şatlyk Mätýakubow Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan yglan edilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan bäş okuwçynyň biri bolmagy başardy. Bu bäsleşige ýurt boýunça müňlerçe mekdep okuwçysy gatnaşdy. Onuň ahyrky tapgyry uniwersitetiň özünde geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdep okuwçylarynyň 21-si öňdäki orunlara mynasyp boldy.

Bäş sany birinji orundan başga-da, 4 okuwçy ikinji, 12 okuwçy bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: