Türkmenabatly okuwçy Lebabyň taryhynda ilkinji gezek bu üstünligi gazandy
Şu okuw ýylynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň zehinli okuwçylarynyň 41-si «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşiginiň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynda beýleki deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başardy.
Bäsleşigiň Türkmenabat şäheri boýunça geçirilen tapgyrynda öňdäki orunlary eýelän 41 okuwçynyň 15-si onuň welaýat tapgyrynda hem baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şol 15 okuwçynyň 5-si bolsa bäsleşigiň döwlet tapgyryndan hem ýokary üstünlik bilen dolanyp geldi. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň bäsleşikler babatynda bu bilim ojagy üçin has düşümli bolandygyny ýeňijileriň geçen okuw ýyldakydan 10-a golaýynyň köpdügi hem görkezýär.
Gürrüň däbe öwrülen ders we taslama bäsleşikleri barada barýarka, olarda has üstünlikli çykyş eden käbir okuwçylaryň atlaryny tutmak hem artykmaçlyk etmese gerek. Olaryň arasynda mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Enejan Narmyradowanyň adyny aýratyn agzamak isleýäris. Tejribeli mugallym Dursun Açylowanyň zehinli şägirdi welaýatyň taryhynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda türkmen dili we edebiýat ugry boýunça birinji ornuň eýesi bolup bilen ilkinji okuwçy bolmagy başardy. Mundan öň beýle üstünlik welaýatda hiç bir okuwça başartmandy. Şeýle hem bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Enejanyň synpdaşlary Jeýran Hamraýewa (mugallymy Marhabo Durdyýewa) iňlis dili boýunça ikinji, Maral Berdimyradowa (mugallymy Aman Berdimyradow) biologiýa, Jemşit Bahadurow (mugallymy Şöhrat Joraýew) informatika dersi boýunça üçünji orunlara mynasyp boldular. Bu ýeňişleriň üstüni bäsleşigiň taslama bölegine gatnaşan Döwlet Kerimowyň hem-de Myrat Janmyradowyň (Şöhrat Joraýewiň okuwçylary) gazanan ikinji orny ýetirdi.