BILIM

Türkmenabatly okuwçy howanyň üýtgemegine garşy göreş bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy

Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Wepa
Hemraýew Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «1-nji Halkara howa
mekdebi» atly taslamanyň çägindäki bäsleşige gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň hemaýat bermeginde
geçirilýän taslama we onuň çägindäki bäsleşige 9 döwletden 37 sany taslama işi hödürlenildi. Şunda ildeşimiz «Arassa dünýä» atly taslama işi bilen iň ýokary baha mynasyp boldy. Wepanyň howany arassalamak boýunça taýýarlan taslama işi täzeçilligi bilen tapawutlanyp, «Ýaşlaryň  mümkinçiliklerini ösdürmek» atly baýraga eýe boldy.