BILIM

Türkmenabatly okuwçy gyz kislorody bol mukdarda bölüp çykarýan agajy köpçülikleýin ekmegi teklip edýär

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maral
Berdimyradowa «Lebap welaýatynyň çäklerinde pawlowniýa agajynyň ýetişdirilişi, ekologiýasy we amaly ähmiýeti» atly taslama işi bilen ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy.
Zehinli okuwçy gyz ylmy gözleglerini mekdebiň mugallymy Aman Berdimyradowyň ýolbaşçylygynda alyp bardy. Gözlegleriň dowamynda ýerli şertlerde pawlowniýa agajyny
ösdürip ýetişdirmegiň usullary we agaç ýetişdirilenden soňra, ondan peýdalanmagyň ýollary
öwrenildi.
Geçirilen gözlegler Lebap welaýatynyň toprak we howa şertlerinde bu agajyň bir görnüşini
ösdürip-ýetişdirmegiň mümkindigi öwrenildi. Agajyň ýapraklary maldarçylykda ulanylýar. Bu
ýokumly iýmit beýleki iýmitlere garanyňda baha taýdan elýeterli bolýar. Şeýle hem ylmy gözleglerde bu agajy köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmegiň ekologiýa peýdasy seljerildi. Netijeli
seljermelerden soňra, zehinli mekdep okuwçysy pawlowniýa agajynyň tokaý hojalygynda
beýleki agaçlardan tapawutlylykda, kislorody köp mukdarda bölüp çykarýandygyny kesgitledi. Şonuň üçin hem bu agajy iri şäherleriň daş-töwereginde oturtmak teklip edilýär.