Aşgabatda mental arifmetika boýunaç geçirilen bäsleşige gatnaşan Lebap welaýatynyň dürli mekdepleriniň okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmenabatdaky ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Mekan Nurgeldiýew birinji orny eýeläp, häzirki wagtda oktýabr aýynda Germaniýada geçiriljek halkara bäsleşige taýýarlyk görýär. Şeýle hem onuň mekdepdeşleri Mukam Rozygeldiýew we rekordçy Rowaç Begenjow öz ýaş toparlarynda üstünlik gazandylar.
Şeýle-de 9-njy mekdepden Emrah Şamuradow, 31-nji mekdepden Döwlet Anwarow, 29-njy mekdepden Mariýam Bahadurowa we beýleki zehinli okuwçylar dürli ýaş derejelerinde altyn, kümüş we bürünç medallara eýe boldular. Ýaryşa gatnaşan okuwçylaryň tas deň ýarysy baýrakly orunlara
mynasyp bolup, welaýatdan baran toparyň ýokary taýýarlygyny görkezdi.
Türkmenabatly okuwçy Germaniýada geçiriljek bäsleşige taýýarlyk görýär
28
Aug
