Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy Rowaç Begenjow 100 sany bir belgili sany biri-birine goşmak boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol öň 19,88 sekunt bolan görkezijini 16,34 sekunda çenli gysgaltmagy başardy.
Dünýä rekordynyň şertlerine laýyklykda, okuwçy üç gezek synanyşyk etdi, olaryň ikisini 15 sekuntdan az wagtda tamamlap, diňe birini 18 sekuntda ýerine ýetirdi.
Netijede Rowaçyň görkezýän ortaça netijesi täze dünýä rekordy hökmünde ykrar edildi. Onuň şahsy görkezijisi bolsa 14 sekunt bolup, ýaş zehiniň ýene-de täze rekordlara synanyşmaga taýýar bolandygyny görkezýär. Okuwçy rekordy goýlan ýerinde — paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda bu üstünlik bilen tanaldy.
Türkmenabatly okuwçy dünýä rekordyny 3 sekunt azaltdy
28
Aug
