BILIM

Türkmenabatly okuwçy «akylly» kitap döretdi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Suraý Hatamowa «Akylly kitap» atly taslama işini taýýarlady. Ylmy ýolbaşçysy Meýlis Hemraýewiň hem-de mekdebiň kitaphanaçysy Jennet Jumadurdyýewanyň ýardam bermeginde amala aşyrylan bu iş, şol bir wagtyň özünde, düşündirişli sözlük bolup hyzmat edýär.

― Munuň üçin ýörite dolandyryjylar arkaly elektron kitaplar programma ýerleşdirilmeli. Olaryň ikinji wezipesi ýerleşdirilen kitapdaky düşündiriş talap edýän sözleriň sada dil bilen aňladýan manylaryny ýazyp, ony gerekli söze salgylanma arkaly birikdirmekden ybaratdyr. Bu bolsa ulanyjynyň işini ýeňilleşdirýär. Ulanyjy kompýuteriň düwmesini düşnüksiz hasaplan sözüniň üstüne eltse, sözüň manysy oňa elýeterli edilýär ― diýip, işiň awtory gürrüň berýär.

Iş HTML, CSS, Javascript, PHP, MySQL programmirleme dillerinde taýýarlanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, Suraý Meksikada geçirilen «Informatix-21» taslama bäsleşiginde Mathmagic atly taslamasy bilen bürünç medala mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: