MEDENIÝET

Türkmenabatly nakgaş mugallym şägirtleri bilen 70-e golaý halkara derejeli baýraga mynasyp boldy

Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Ýelena Işankulyýewa öz şägirtleri bilen 10-a golaý döwletde geçirilen halkara
bäsleşiklerine gatnaşdy.
Şol bäsleşikleriň şowlularynyň biri hem 2022-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen halkara bäsleşigi bolup, Ýelena mugallymyň oňa gatnaşan okuwçylarynyň 6-synyň hem diplomlara mynasyp bolmaklygydyr.
Umumylykda, soňky 3-4 ýylyň içinde ussat mugallymyň ýaş şägirtleriniň halkara
derejesinde gazanan üstünlikleriniň sany 50-ä, özüniňki hem 20-ä ýakyn bolupdyr.
— Men 1980-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda rus maşgalasynda doguldym. Şol ýerde orta we çeperçilik mekdeplerini tamamladym.
1997—2001-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet çeperçilik
mekdebini nakgaşçylyk hünäri, 2001—2007-nji ýyllarda bolsa, Türkmen döwlet
çeperçilik akademiýasyny kitap grafikasy hünäri boýunça tamamladym. Ine, 2011-nji ýyldan bäri hem Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaş ugry boýunça çagalara sapak berýärin. Görşüňiz ýaly, meniň doglan, bilim alan, örňäp-ösen mekanym — güneşli Türkmenistan. Men Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýandygyma, zähmet çekýändigime buýsanýaryn. Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli mirasy bolsa, tutuş dünýäniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi. Ony nesillere geçirmek, tutuş äleme ýaýmak suratkeşleriňem mukaddes borjy — diýip, mugallym öz alyp barýan işleri barada welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: