BILIM

Türkmenabatly mugallym ýene bir halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow özüniň üns çekiji taslamalary bilen ýene bir halkara derejeli baýraga mynasyp boldy.
Baýry ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ol 2025-nji ýylda Ýewropa Bilim gaznasy tarapyndan Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň arasynda okuw meýilnamalaryny düzmek boýunça geçirilen «Darýa Skaffold» bäsleşiginde ýokary bal gazanan ýeňijileriň ilkinji bäşligine düşüp, Ýewropa Bilim gaznasynyň Sertifikaty bilen sylaglandy.
Diýar Yhtyýarowyň öň hem halkara derejesindäki abraýly baýraklaryň ençemesine mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Ol şu ýyl aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Bütinrus Kärdeşler arkalaşygynyň goldaw bermeginde Ýewraziýa mugallymçylyk uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň we Moskwa döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen “Okatmagy öwrenýäris–2025” atly IV halkara bäsleşiginde we Özbegistan Respublikasynda geçirilen ylmy işleriň halkara bäsleşiginde hem ýeňiji bolmagy başarypdy.