Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Gadam Amanow ýakynda ýurduň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Ol önümçilikde ulanylýan sowuk parafinleri almagyň tehnologiýasyny öwrenipdir.
Gözlegleriň dowamynda ýurdumyzda bar bolan uglewodorod serişdelerindäki parafinleriň düzüm aýratynlyklary, şol sanda Tagtabazar we Döwletabat känlerinden alnan gazkondensatlaryň we göni kowgy edilen agyr benzinleriň hromatografiki seljermesi geçirilipdir. Netijede, bu serişdelerde adaty gurluşly parafinleriň mukdarynyň beýlekilere garanyňda ýokarydygy ýüze çykaryldy.
Bellenilmeli aýratynlyklaryň biri n-parafinleriň arassalyk derejesi ýokarlandygyça, silwinit magdanyny baýlaşdyrmakda alynýan kaliý duzunyň konsentrasiýasynyň hem ýokarlanýandygydyr. Bu bolsa ýaş alymyň ylmy açyşynyň önümçilik amalyýetinde hem uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.
Türkmenabatly mugallym sowuk parafinleri almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

20
Jun