BILIM

Türkmenabatly mugallym Özbegistanda geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony
okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow ýakynda Özbegistan
Respublikasynda geçirilen ylmy işleriň halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Ýaş mugallymyň
gazanan üstünligi bu baýry ýokary okuw mekdebinde ylmy işleriň döwrüň iň ösen talaplaryna
laýyklykda alnyp barylýandygyny görkezýär.
Bäsleşik Özbegistan Respublikasynyň «Ylmy akademiýa» ylmy-barlag merkezi we Ýaşlary
goldamak geňeşi tarapyndan geçirildi. Ýaş mugallym bu bäsleşige «Beýik Ýüpek ýolunyň
ugrundaky döwletleriň ekologiýa abadançylygyny berkitmek» atly ylmy taslamasy bilen
gatnaşdy. Bu iş bäsleşigiň ýeňijisiniň Diplomyna we «Yhlasly zähmeti üçin» atly nyşanyna
mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: