BILIM

Türkmenabatly mugallym okuwçylaryň arasynda dürli bäsleşikleri geçirýär

 Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Wepa Abdyrahmanow sapaklary hem dürli bäsleşikler we çekişmeler bilen geçirdi.

 Onuň guran zehin bäsleşigi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşik iki topar görnüşinde geçirildi we her toparda 10 okuwçy çykyş etdi. Wepa mugallym bu bäsleşigi synpara görnüşinde hem yzygiderli geçirýär.

 Bäsleşikde okuwçylara okuw maksatnamasyna görä sowallar berilýär. Sowallaryň jogabyny tapan topar ilki bilen düwmejigi basmak arkaly çyrany ýakýar we jogap berýär. Ýeňiji bolan topara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

 Sapaklaryň bäsleşikler esasynda geçirilmegi çagalaryň ýatkeşligini ösdürmekde, pikirleniş ukybyny hem-de derslere bolan söýgüsini has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.