Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň döwletleriniň ýaş mugallymlarynyň arasynda okatmagyň häzirki zaman usullaryny öwretmek, iş tejribelerini ýaýratmak hem-de ýaş mugallymlara goldaw bermek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Bütinrus Kärdeşler arkalaşygynyň goldaw bermeginde Ýewraziýa mugallymçylyk uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň we Moskwa döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen “Okatmagy öwrenýäris–2025” atly IV halkara bäsleşiginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony
okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow ýeňijilik Diplomyna mynasyp boldy.
Diýar Yhtyýarow bäsleşige “Tebigy ugurly dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary” atly ylmy işi bilen gatnaşdy. Bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň 64 sany bilim edaralaryndan 130-dan gowrak ylmy işler hödürlendi.
Türkmenabatly mugallym halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

05
May