Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ mugallymy Diýar Yhtyýarow Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwalynyň çäklerinde jemlendi.
Bäsleşikde Lebap welaýatyndaky baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda işleýän kärdeşi Ejegül Öwezgeldiýewa bilen bilelikde üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle hem bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Daşoguzyň Beki seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinden, Türkmenistanyň Döwlet energetik institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan gatnaşan bilim işgärleri dürli orunlaryň eýesi boldular. Ýeri gelende aýtsak, festiwal bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda ýurdumyzyň gazananlaryny açyp görkezmäge, mugallymlaryñ we hünärmenleriñ maglumat tehnologiýa we kiber howpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işline gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga gönükdirildi.
Türkmenabatly mugallym elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginde ýeňiji boldy

16
Dec