BILIM

Türkmenabatly mugallym ― zehinli matematikaçylaryň uly toparynyň halypasy

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy Almagül Zülpikarowanyň iş tejribesi şu ýyl 40 ýyly tegeleýär. Muňa garamazdan, ol häzir hem ýokary derejede sapak geçip, okuwçylarynyň ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyryna gatnaşmagyny gazanýar.
Mugallym okuw sapaklaryndan daşary çagalary robototehnika hem gyzyklandyrýar. Okuwçylar bilen bilelikde ýasalan robotlar dürli bäsleşikde «ukyplaryny» görkezip, mugallyma-da, olaryň şägirtlerine-de üstünlikleri bagyşlady.
Mugallymyň häzirki şägirtleriniň aglabasy mekdep okuwçylarynyň arasynda däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynyň ýeňijileri. Häzirki döwürde mugallymyň Sadat Bazarowa, Suraý Çaryýewa, Bäşim Koldaşow, Akmuhammet Joraýew, Gülnura Jumaýewa ýaly ozalky okuwçylarynyň ençemesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Türkiýede, Angliýada, Hytaýda, Germaniýada bilim alýarlar we abraýly ylym we bilim ojaklarynda zähmet çekýärler. Olaryň yzyny bu gün Kemal Hydyrow, Toýly Aýmyradow ýaly köpsanly zehinli ýaşlar dowam etdirýär.