LUKMANÇYLYK

Türkmenabatly meşhur göz lukmany nobatdaky maslahatlaryny paýlaşdy

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň 2-nji oftalmologiýa bölüminiň müdiri Kasym Reýimow welaýat neşirinde ýadaw gözlere dynç bermek bilen bagly maslahatlaryny paýlaşdy.
Şol maslahatlarda aýdylyşy ýaly, gözleriňizi 2-3 sekuntlyk ýumuň, soňra açyň! Muny 5-6 gezek gaýtalaň!
Gözüňizi ýumup, ýuwaşja hereketler bilen burundan çekgä tarap gaşyň ýokarsyny, göz hanasynyň aşagyny owkalaň!
Gözüňizi ýumup, göz almasyny sagdan çepe hem-de çepden saga 10 gezek aýlaň!
Süýem barmagyňyzy burnuňyzyň deňine getirip, barmagyňyzyň ujuna 5-6 sekunt seredip, gözleriňizi ýumuň! Soňra açyp, ýene serediň! Bu maşky 10 gezek gaýtalaň!
Gözlerimizi goramagyň ýene bir ähmiýetli usuly peýdaly iýmitlenmek. Ýagny, käşir, kädi, pyrtykal, kiwi ýaly miweler we balyk ýagy, kädi çigidi, dürli gök otlar, nohut, deňiz önümleri gözlerimiz üçin örän peýdalydyr. Bu önümler A, C, E ýokumlaryna baýdygy sebäpli gözleriň sagdyn bolmagyna oňyn täsir edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: