BILIM

Türkmenabatly mekdep okuwçysy ýurt derejesinde yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşiginde üçüni orna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigi çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga gönükdirilip, onuň maksady ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik ýaly ukyplaryny berkitmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybarat boldy. Türkmen milli oýunlary, aýdym-saz we tans sungaty, surat çekmek we amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary
öz içine alan bu bäsleşik zehinli çagalaryň sungatda, medeniýetde, döredijilikde ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi.