BILIM

Türkmenabatly mekdep okuwçysy TDMI-niň informatika bäsleşiginde öňe saýlandy

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Oraz Begenjow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan informatika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde birinji orny eýeledi. Şeýle hem bu bäsleşikde paýtagtymyzdan, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan gatnaşan ýaş zehinler öňe saýlandylar.
Ikinji we üçünji orunlary eýelänleriň arasynda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde okaýan zehinli ýaşlaryň birnäçesi bar.