BILIM

Türkmenabatly mekdep okuwçysy dünýä rekordyny täzeledi

Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy Rowaç Begenjow mental arifmetika boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol bu üstünligini paýtagtymyzda geçirilýän «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde gazandy.
Bu sergi-ýarmarkanyň çäklerindäki mental arifmetika bäsleşiklerinde türkmenabatly mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjileri 12 medala mynasyp bolup, öňdäki orunlaryň birini eýelediler. Şolaryň arasynda ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew, daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 9-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Ýusupowa dagynyň hem bardygy guwandyryjydyr.
Bäsleşikler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilip, oňa 6 — 14 ýaş aralygyndaky 120-e golaý okuwçy gatnaşdy. Ýatdan hasaplamak boýunça geçirilen bäsleşiklerde çagalaryň çalt düşünje we ukyp derejesi serjerildi.
Türkmenabatly okuwçy Rowaç Begenjow 100 sany bir belgili sany ýatdan dogry goşmak boýunça dünýä rekordyny goýmagy başardy.