Türkmenabatly mekdep okuwçysy döwlet bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy
Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdbeiniň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew «Merdana nesiller ― 2024» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üçünji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň döwlet tapgyry Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert
merkezinde geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýan bu bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilip, oňa 3-5-nji synplarda okaýan kiçi ýaşly okuwçy oglanlarymyzyň 14-si gatnaşdylar. Olar ýurduň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra
bolsa welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda öňdebaryjy orunlary eýelän ýaş zehinlerdir.
Bäsleşik däp bolşy ýaly, üç şert esasynda geçirilip, şatlyk-şowhuna,
ruhubelentlige beslendi.
Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki mekdep okuwçylary hem işjeň gatnaşandyklary üçin Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.