Türkmenabatly mekdep okuwçysy agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandy
Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdepden Süleýman Jafarow Kataryň paýtagty Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandy.
Ol 102 kilograma çenli agyrlykdaky türgenleriň ýaryşynda ştangany silterläp
galdyrmakda 150 kilogram agyrlygy göterdi. Bu netije onuň altyn medal gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Çünki biziň ildeşimiziň görkezen netijesi Koreýa Respublikasyndan gatnaşan 15 ýaşly türgen Kim Mingueniň netijesinden 5 kilogram ýokary boldy. Agyrlygy galdyrmagyň şu görnüşinde 144 kilogramlyk netije bilen üçünji orny eýelän yrakly türgen Ali Hazim Dawud Al-Lami itekläp galdyrmakda biziň ildeşimiziň esasy garşydaşy boldy. Bu gezek yrakly agyr atletikaçy 183, türkmenabatly 17 ýaşly türgen bolsa 176 kilogram agyrlygy eýgerip bildi. Bu netije biziň ildeşimize ýaryşdaky kümüş medallarynyň ilkinjisini bagyşlady. Ol iki görnüşiň jeminde bolsa yrakly bäsdeşinden bary-ýogy 1 kilogramlyk tapawut bilen yza galyp, 326 kilogramlyk netije bilen hormat
münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Ýeri gelende aýtsak, yklym ýaryşynda biziň türgenlerimiz 28 medal gazandy. Şolaryň 11-si altyn medaldyr.