Türkmenabatly mekdep okuwçysy 2024-nji ýylyň özi üçin iňňän düşümli ýyl bolandygyny aýtdy
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Berdimyradowa tamamlanyp barýan 2024-nji ýylyň özi üçin iňňän düşümli bolandygyny aýtdy.
«2024-nji ýyl meniň üçin juda düşümli ýyl boldy. Şu ýyl maňa biologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikleriň birnäçesinde öňdäki orunlara mynasyp bolmak başartdy. Şolaryň hatarynda iňlis dilinde geçirilýän FISO halkara internet olimpiadasyny, UNIPO halkara taslama bäsleşigini, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi tarapyndan geçirilen internet olimpiadalaryny görkezip bolar. Täze ýylda ak mekdepden uçurym bolmaga taýýarlanýaryn.
Nesip bolsa, bu üstünlikleri dowam etdirip, lukmançylyk hünäri boýunça okuwa girmegi meýilleşdirýärin» diýip, welaýat neşiri zehinli okuwçy gyzyň aýdanlaryny getirýär..