Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň 2-nji oftalmologiýa bölüminiň müdiri Kasym Reýimow welaýat neşirinde çap edilen makalasynda gözi goramak boýunça birnäçe maslahat berdi. Onuň bellemegine görä, telewizora seredilende, kompýuter we el telefonlary ulanylanda, şeýle-de ýörelende boýun oňurgasyny dik saklamak zerur bolup, iş ýerinde ýeterlik ýagtylyk üpjün edilmelidir. Şeýle-de gözi Günüň ýiti şöhlesinden goramak, günden goraýan äýnek dakynmak, kitap okalanda ýa-da ýazgy ýazylanda göz bilen aralyk 30 santimetr bolmalydyr. Telewizor görlende bolsa her 30–40 minutdan soň 5–10 minutlyk dynç bermek maslahat berilýär.
Lukmanyň aýtmagyna görä, gözi goramak üçin A, B, C ýokumlary baý bolan balyk, bagyr, şugundyr, käşir, kelem, garaly we gök sogan ýaly önümleri iýmitlenişe goşmak peýdalydyr. Şeýle hem gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin pagtany gök çaýa ezip, gözüň üstünde goýmak gözüň damarlarynyň rahatlanmagyna oňyn täsir edýär.
Türkmenabatly lukman gözi goramak barada maslahat berdi
04
Apr

