MEDENIÝET

Türkmenabatly küýzegär önümlerini onlaýn platformalar arkaly satýar

Türkmenabatly telekeçi, küýzegär Ruslan Rejebow öz taýýarlan önümlerini «Ynamdar» onlaýn dükanynda, «e-bay» onlaýn söwda platformasynda müşderilere hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazeti ýazýar.
Paýtagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli
guralýan sergide ussat küýzegäriň amaly-haşam işleri-de mynasyp orun alýar. Telekeçi küýzäniň ýasalyşyny janly ýagdaýda görkezýär, bu bolsa sergä gatnaşyjylarda üýtgeşik täsir galdyrýar.
Türkmenabat şäherinde indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri küýzegärçilik sungaty bilen meşgullanyp gelýän telekeçi küýzeleriň dürli görnüşlerini, bezeg küýzeleri, güller üçin güldanlary, keramiki gaplary, iýmit önümlerini bişirmek üçin küýze tamdyrlary ýasap, halkymyza hödürleýär.