Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň okuwçysy Mähri Agamyradowa Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen «Women’s Chess Championship» atly 4-nji halkara zenanlaryň küşt çempionatynda «Challengers» toparynda 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Dokuz ýurtdan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryş «Masters», «Challengers» we «Futures» toparlarynda şweýsar usuly boýunça geçirildi.
Şeýle hem «Futures» toparynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy Eneş Arazmedowa bäşinji orny eýeledi. Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa bolsa 62 gatnaşyjynyň arasynda ýedinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň küştçüleriniň gazanan bu netijeleri ýaş türgenleriň ýokary taýýarlygyny we zenan küştüniň ösüşini görkezýär.

