SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly küştçi türki döwletleriň arasyndaky olimpiada gatnaşar

Aşgabatda geçirilen saýlama ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen küştçüleriniň arasynda halkara derejede ýurdumyza wekilçilik etjek iň güýçli türgenleriň düzümü kesgitlenildi. 17–22-nji mart aralygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen 49 ýaş zehin türki döwletleriň arasynda geçiriljek U16 ýaşlar küşt olimpiadasyna gatnaşmak hukugy ugrunda bäsleşdi. Netijede, milli ýygyndynyň düzümine giren türgenleriň arasynda Türkmenabat şäheriniň wekili Gurbanmyrat Rüstemow hem bar.
Dokuz tapgyry öz içine alan ýaryşyň dowamynda ýaş toparlarynyň, aýratyn-da 12 we 14 ýaşa çenli türgenleriň üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzda çagalar küştüni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini görkezdi. Milli ýygynda Aly Ahmedow, Ahmet Artykow, Gurbanmyrat Rüstemow hem-de gyzlaryň arasynda iň gowy netijäni gazanan Zalina Iminowa girizildi. Şeýle-de Dilber Hupbyýewa oglanlar bilen deň derejede çykyş edip, hormatlyk dördünji orny eýeledi. Indi türkmen küştçülerine 13–18-nji maý aralygynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçiriljek türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasynda güýçli garşydaşlar bilen bäsleşmek garaşýar.