Küşt boýunça aýallar arasynda Birinji liga ýaryşy Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde üstünlikli tamamlandy. Ýaryşda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 27 küştçi çykyş edip, 11 tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça bäsleşdiler. Bu ýaryş Ýokary liga gatnaşmak üçin möhüm saýlama tapgyry bolup, onda her bir utuk aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Lebap welaýatyndan gatnaşan türkmenabatly küştçi Mähri Agamyradowa ýaryşda ýokary derejeli we durnukly oýun görkezip, 11 oýundan 8,5 utuk toplady. Ol diňe goşmaça görkezijiler boýunça birinji orny berip, ikinji netijäni görkezdi. Bu üstünlik Mähri Agamyradowanyň küştde gazanan tejribesiniň we taýýarlygynyň ýokary derejesini tassyklaýar hem-de oňa Ýokary ligada çykyş etmek hukugyny berdi.
Türkmenabatly küştçi gyz Birinji ligada üstünlik gazandy
28
Jan
