Türkmenabatly küştçi dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy
Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde ussat tälimçi Güljahan Öwlüýägulyýewadan tälim alýan 9 ýaşly küşçti Aýa Baýramowa Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen 12 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky dünýä çempionatynda küştüň blis we rapid görnüşleri boýunça bürünç medala mynasyp boldy.
Welaýat merkezindäki 31-nji orta mekdebiň dördünji synpynda okaýan Aýa bu üstünligi 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda gazandy. Şu ýyl 10 we 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolmagy başaran körpe küştçi bu üstünligi dünýä döwletlerinden gelen 41 küştçiniň arasynda gazanmagy başardy. Ol öz ýaş derejesinde mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplamagy başardy. Aýa utuklarynyň sany boýunça diňe russiýaly Genriýette Ýunkerden (10 utuk) we hindistanly A.S.Şarwaanikeden (9 utuk) yza galdy.
Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatynda Aýanyň dogany Güneş Baýramowa hem 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýaryşyp, dokuzynjy orny eýeledi. 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Dünýä Ruslanowa ýedinji orny eýelemegi başardy.