SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly küştçi Birinji liganyň çempiony boldy

Türkmenistanyň küşt boýunça Ýokary ligasynyň zenanlaryň arasyndaky ýaryşyna gatnaşjak
türgenleriň aglabasy mälim boldy. Ýakynda geçirilen Birinji liganyň ýaryşy ýurdumyzyň iň güýçli küştçi zenanlarynyň ýaryşyna gatnaşjaklary kesgitledi. Ýokary liganyň duşuşyklary 9 ― 20-nji fewral aralygynda geçiriler.
Ýakynda bolsa paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde zenanlaryň arasynda Birinji liganyň duşuşyklary geçirildi. Onda Ýokary liga gatnaşmaga hukuk berjek 6 ýollanma üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen 48 küştçi ýaryşdy. Ýaryş 11 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamynda geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa taý tapylmady. Tejribeli tälimçi Güljahan Öwlüýägulyýewanyň 17 ýaşly şägirdi mümkin bolan 11 utukdan 8-sini ýygnap, hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Birinji liganyň çempionlygy ― ýaş küştçiniň milli ýaryşlardaky iň uly üstünligidir.
Bu ligada geçen ýyl çempion bolan Bägül Ezizowa (Mary welaýaty) hem 8 utuk toplady. Ýöne ol bu gezek käbir görkezijiler boýunça türkmenabatly küştçi gyzdan asgyn geldi. Şeýlelikde, Serdar Annaberdiýewiň şägirdi ikinji orna mynasyp boldy.
Ýaryşda üçünji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa eýeledi. Serdarguly Baýramsähedowdan tälim alýan zehinli küştçi
mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap bildi.
Şeýlelikde, bu ýaryşdan soň üstümizdäki ýylda zenanlaryň arasyndaky Ýokary liganyň duşuşyklaryna Birinji ligadan gatnaşmaga hukuk gazanan alty türgen belli boldy. Ilkinji üç ornuň eýesinden başga-da, bu ýaryşda dördünji orny eýelän Aýşa Gubataýewa, bäşinji ornuň eýesi Jennet Durdyýewa we altynjy orundaky Aýa Baýramowa fewral aýynda geçiriljek esasy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunda, türkmenabatly ýaş zehin Aýa Baýramowanyň bary-ýogy 10 ýaşyndadygyny aýtmak gerek. Şeýlelikde, ol küştüň ýurdumyzdaky taryhyna Ýokary ligada ýaryşjak iň kiçi ýaşly wekil hökmünde girer. Bu ýerde olara has güýçli bäş küştçi ― Ýokary liganyň azy ýaran wekilleri Merýem Agajanowa, doganlar Lala we Leýla Şöhradowalar, Jahan Rejebowa we Küşt federasiýasynyň kubogynyň eýesi Mähri Agamyradowa dagylar garaşýar. Ýokary liganyň 12-nji wekili bolsa guramaçylar tarapyndan aýratyn hukuk berlen zehinli türgenleriň biri bolar. Onuň kimdigi heniz belli däl.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: