Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda baýdarkada we kanoýede küreklemek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa paýtagtdan we ýurduň ähli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar.
Örän gyzykly geçen ýaryşda Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdbeiniň tälimçileri Sergeý Starikow bilen Ilgiz Týuýebaýewiň şägirtleri üstünlikli çykyş edip, birinji we ikinji orunlary eýelediler. Has takygy, dürli ýaş derejelerinde Arslanbek Açilow, Begzat Mamutow, Nazar Jumanyýazow, Diýar
Muhammedow dagy hormat münberiniň birinji basgançagyna çykan bolsa, Nepes Jumanyýazow ikinji orna mynasyp boldy.
Ýeri gelende aýtsak, mekdebiň türgenleri öz halypalarynyň ýolbaşçylygynda milli ýaryşlarda hemişe-de üstünlikli çykyş edýärler. Häzirki günlerde bolsa olar öňde duran ýaryşlara taýýarlyk görýärler.
Türkmenabatly kürekleýjiler döwlet ýaryşynda öňdäki orunlary eýelediler

16
May