TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatly kosmonawt ýene bir uçuşa taýýarlanýar

Türkmenabatly kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko täze kosmos uçuşyna taýýarlyk görýär. Ol «Roskosmos» tarapyndan öndürilen «Progress» ýük kosmos gämisini uzakdan dolandyrmak boýunça türgenleşik geçip, teleoperator dolandyryş ulgamy boýunça degişli wezipeleri ýerine ýetirdi. Şeýle hem ol Halkara kosmos stansiýasyna 76-njy ekspedisiýanyň ätiýaçdaky ekipažynyň serkerdesi wezipesine bellenildi.
Türgenleşikleriň dowamynda kosmonawt dürli adatdan daşary ýagdaýlarda gämä gözegçilik etmek we näsazlyklary düzetmek boýunça başarnyklaryny kämilleşdirdi. Hususan-da, bort kompýuteriniň işlemedik ýagdaýynda, gämileriň nädogry golaýlaşmagy ýa-da dolandyryş displeýiniň doňmagy ýaly ýagdaýlarda dolandyryşy gaýtadan dikeltmegiň usullary öwrenildi. Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Çärjew şäherinde doglup, halkara kosmos stansiýasyna ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylda amala aşyrdy.