Türkmenabatly kosmonawt talyplar bilen duşuşdy
A.A.Leonow adyndaky Tehnologiýa uniwersitetinde görnükli kosmonawt, Türkmenistanyň
we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko bilen talyplaryň duşuşygy geçirildi. Bu barada
uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi .
Açyk dialog wagtynda asly Türkmenistandan bolan Oleg Kononenko ýyldyzlara tarap alyp
baran kyn ýol, ýüzbe-ýüz bolan meseleleri we arzuwlaryny amala aşyrmak üçin ýeňil bolmadyk päsgelçikleri geçmek barada gürrüň berdi. Talyplar kosmonawt bolmak mümkinçiligi, uçuşlara taýýarlyk aýratynlyklary we Zeminden kosmosa ilkinji gezek çykýan adamyň duýgulary bilen gyzyklanyp, birnäçe soraglary berdiler.
Esasan hem, kosmosdaky özboluşly ýaşaýyş ýagdaýy bilen baglanyşykly soraglar berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar kosmosda kosmonawtlaryň nähili ýaşaýandyklary we iýmitlenmek tertibi bilen gyzyklandylar. Oleg Dmitriýewiç kosmonawtlaryň esasan ýörite iýmitleri ulanýandygyny, emma käwagtlar senagat önümçiliginden alnan gündelik azyklary hem alýandyklaryny aýtdy. Şeýle hem kosmonawt kosmosda bolanda iň köp hakyky kofeni küýsändigini boýun aldy.