TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatly kosmonawt sekiz sagatlap açyk kosmosda boldy

Halkara kosmos bekedinde bolýan rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bekediň daşky bölegine bir enjamy berkitmek üçin sekiz sagada golaý wagtlap açyk kosmosa çykdylar. 

Olar beketdäki kiçi göwrümli «Gözleg» atly barlag modulyndan açyk kosmosa çykyp, «Ylym» modulyna geçdiler. Olar nano emeli hemrany oturtmak üçin 7 sagat 41 minutlap bekediň daşynda boldular. 

Türkmenabat şäherinde doglan Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko altynjy gezek, Nikolaý Çub bolsa ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: