MEDENIÝET

Türkmenabatly kompozitor döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldy

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Begmyrat Hudaýberdiýew «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýaş kompozitorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.
Bäsleşikde 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Kerim Jumagulyýew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Saparmyrat Baýlyýew, 3-nji orna Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwletgeldi Hanow hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aman Akmyradow mynasyp boldy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar, bäsleşige işjeň gatnaşanlara höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: