Türkmenabatly futbolçy Ruslan Priýew Türkmenistanyň çempionatynyň iň güýçli wekilleriniň biri bolan «Ahal» futbol toparynyň düzümine goşuldy. Ol geçen ýyl Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynda» kärendede çykyş edipdi.
Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň gyşky transfer penjiresinde geçiren oýunçy çalşyklary barada maglumat berdi. Maglumatlarda türkmenabatly futbolçynyň kärendeden yzyna ― «Ahal» toparyna dolanyp gelendigi habar berilýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Lebap welaýatyndaky wekiljan Kamiljan Priýewiň ogly bolan Ruslan «Ahaldyr» «Şagadamdan» başga-da, paýtagtyň «Köpetdagynda» we Marynyň «Energetiginde» çykyş etdi.
Türkmenabatly futbolçy Ýokary liganyň iň güýçli wekilleriniň birine goşuldy
18
Mar

