Türkmenabatly futbolçy «Şagadam» topary bilen şertnama baglaşdy
Türkmenabatly futbolçy Ruslan Priýew 1,5 ýyldan soň ýene-de Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparyna dolanyp bardy. Ol topar bilen düýn ― 30-njy ýanwarda şertnama gol çekişdi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby geçen möwsümi «Ahal» toparynda geçiripdi. Edil häzirki günlerde Ruslanyň jigisi Arslan Priýew hem paýtagyň «Köpetdag» topary bilen şertnama baglaşdy. 20 ýaşly Arslan hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýar.
Ruslan Priýewiň meýdanyň gorag bölüminde çykyş edýändigini ýatladýarys. Düýn Türkmenbaşy şäherine gelen Ruslan toparyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky türgenleşiklerine goşuldy.