JEMGYÝET

Türkmenabatly ene 102-nji tomsuny garşylady

Türkmenabatly Týakmilýa Saýfetdinowa ömrüniň 102-nji tomsuny garşylady. 1923-nji ýylyň 7-nji aprelinde Russiýanyň Ulýanowsk şäherinde doglan Týakmilýa ene 29 ýaşyndan bäri türkmen topragynyň — Türkmenabadyň ýaşaýjysy . Onuň Muharýam aga bilen guran maşgalasynda üç perzent — iki gyz, bir ogul dünýä indi. Şeýdip hem bu günki nesil daragtynyň ilkinji şahalary gol ýaýyp başlady. Häzirki wagtda bu daragty dört agtyk bilen iki çowluk hem bezeýär. Uzak ýaşly ene köp ýyllaryň dowamynda Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginde saraýjy, kelepleýji bolup zähmet çekdi. Onuň perzentleri bolsa mugallymdyr lukmanlar.
Ol Türkmenabat şäherine urşuň yz ýanyndaky ýyllarda iki gyz dogany bilen bilelikde geldi. Çagalykdaky goňşulary, özlerinden sähel wagtdan soň Türkmenistana gelen Muharýam aga bilen egin-egne berip ýaşady, belentbagtyň eýesi boldy.