SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly emin çempion toparyň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenabatly emin Ruslan Ereşow ýurduň futbol çempionatynyň Ýokary ligasyna wekilçilik edýän klublaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjiligiň 24-nji tapgyryndaky «Arkadag ― 2» ― «Köpetdag ― 2» duşuşygyny alyp barmaga gatnaşar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar berşi ýaly, ol bu duşuşykda emin H.Gurbanowyň kömekçileriniň biri bolar. Ikinji kömekçi bolsa paýtagtly hünärmen E.Ýazmyradowdyr.

Ýaşlaryň arasyndaky birinjilikde «Arkadag ― 2» topary öňde barýar. Ruslan Ereşowyň bu toparyň esasy düzüminiň duşuşyklarynyň hem birnäçesini alyp barandygyny ýatladýarys.