BILIM

Türkmenabatly çagalaryň arasynda ertekileri sahnalaşdyrmak boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 4-nji çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Bir bar eken, bir ýok eken» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki çagalar bakja-baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň birnäçesi gatnaşdy.
Ertekileriň üsti bilen çagalarda Watana, ata-enä hormat goýmak, halk döredijiligine, däp-dessurlarymyza buýsanç, söýgi duýgularyny ösdürmek, şeýle-de körpeleriň sözleýiş dilini, çeper gürrüň etmek ukybyny ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler labyzly gürrüň bermek arkaly ertekileriň mazmunyny, gahrymanlarynyň häsiýetlerini açyp görkezdiler. Soňra zehinli körpeler ertekileri sahnalaşdyrmak boýunça özara bäsleşdiler. Bu ugur boýunça hem körpeler bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Bäsleşigiň şertine görä körpeleriň dilewarlygyna, sahnada özlerini alyp baryşlaryna, ukyp-başarjaňlygyna baha berlip, ýeňijiler kesgitlenildi.
Netijede, Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri birinji orna mynasyp boldular. Şäheriň 51-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri ikinji, 64-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri bolsa üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.