Türkmenabat şäheriniň adybir topary 3×3 basketbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda netijeli duşuşyklaryň birnäçesini geçirip, üçünji orun ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandy.
Topar bu sepgide 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky ýaryşda ýetdi. Ýöne üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Türkmenabat» topary Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyndan 17:18 hasabynda ýeňlip, dördünji orun bilen ylalaşmaly boldy.
Ýaryş Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçirildi.
Türkmenabatly basketbolçylar Türkmenistanyň çempionatynda üçünji orun ugrundaky duşuşyga gatnaşdylar
01
Dec
